«Türkmenhimiýa» döwet konsernine daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

171

Himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem kärhanalaryň önümçilikleriniň üznüksiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine:

ýylylyk çalşyjy enjamlary satyn almak barada Italiýanyň “Ofmeco Heat Transfer Technology S.r.l.” kompaniýasy bilen şertnamany;

“KATALСO” kysymly katalizatorlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Johnson Matthey PLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.