25-nji fewralda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda Willýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” dramasy esasynda täze goýlan sahna oýnunyň Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň teatr bölüminiň bilermenler topary tarapyndan gözden geçirilişi boldy. Bu söýgi rowaýaty köp ýyllardan soň ýene-de döwlet drama teatrynyň sahnasynda janlandyryldy. Ony režissýor Gülälek Akmyradowa merhum režissýor Goçmyrat Bekiýewiň 2000-nji ýyllarda sahnalaşdyran dramasy esasynda täzeçe öwüşginler bilen baýlaşdyrdy. Tomaşaçylar ady rowaýata öwrülen söýgi dramasynyň gahrymanlaryny el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Ýurdumyzyň sungat işgärleri, teatr muşdaklary täze spektaklyň tomaşaçylary boldular. Oýnuň sahna bezegini Güljemal Saparowa, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir. Baş keşpleri ýerine ýetiren artistler köpleriň göwnünden turup, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Ýaş aktrisa Merjen Garlyýewa baş gahryman Julýettany, Begenç Garlyýew bolsa Romeonyň keşbini ýerine ýetirdi. Sahna oýny 2 ýarym sagat dowam etdi.

Ilkinji gezek “Romeo we Julýetta” pýesasy ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda, 50 ýyl mundan ozal, 1970-nji ýyllarda, ikinji gezek 2000-nji ýyllarda sahnalaşdyrylýar. 400 ýyldan gowrak mundan ozal iňlis dramaturgy Willýam Şekspir tarapyndan ýazylan “Romeo we Julýetta” dramasynda aşyklaryň söýgüsi şeýle bir kämil beýan edilýär welin hatda, juwanlar ähli zatdan, şol sanda durmuşyň özünden ýüz öwürmäge mejbur bolýarlar.

– Megerem, dünýäde “Romeo we Julýetta” dramasyndan has pajygaly drama eseri ýok bolsa gerek. Bu spektakly uzak wagtlap repetisiýa edenimizden soň, şu gün Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň teatr bölüminiň bilermenler toparyna hödürledik. Biziň azabymyz ýerine gowşandyr diýip umyt edýäris. Şu gün iň meşhur söýgi dramasyndaky “Ronessans” eýýamynyň gahrymanlary XXI asyrda biziň kaşaň teatrymyzyň sahnasynda  duşuşýarlar” diýip, sahnany goýan režissýor Gülälek Akmyradowa belledi.

Sahnadaky şäher meýdançasy, Julýettanyň otagy, Romeonyň dyrmaşýan diwary – bularyň hemmesi tomaşaçynyň göz öňünde geçmişi janlandyrýar. Sahnadan gowgaly ýyllaryň haýbatly sesleri gelýär, onuň üstüni bolsa wagtal-wagtal umyt mukamy doldurýar. Birdenem duşmançylygyň we ýigrenjiň arasynda söýgi döräp, diňe söýgi darkaşa girýän taraplary ýaraşdyrmaga ukyply…

Sahna oýnunda Montekki we Kapulettiniň maşgalasy biri-birine garşy bolsalar-da, ykbalyň emri bilen olaryň perzentleri biri-birine aşyk bolýar. Ýöne olar ykbalyň ýowuz synagyna sezewar bolýarlar. Julýettanyň doganoglany Tibalt bilen bolan çaknyşykda Romeo ony agyr ýaralaýar. Şol sebäpli Romeo şäherden gidip, Julýettadan jyda düşýär. Sahna oýnunyň dowamynda wakalaryň iň möwjeýän ýeri ahyrynda bolup geçýär. Ýaş gyzyň ene-atasy ony halamaýan birisine durmuşa çykarjak bolýar. Julýettanyň kakasy oňa Romeo bilen durmuş gurmaga rugsat bermeýändigini çürt-kesik aýdýar. Lorens Ata oňa wagtlaýynça depin ediler ýaly ukladýan içgini içmegi, melhemiň güýji gaçandan soň bolsa, Romeo bilen bir ýerlere başlaryny alyp gitmegi maslahat berýär. Emma Romeo ölümiň hakyky däldigi baradaky habardar edýän haty alyp ýetişmeýär. Romeo dem-düýtsüz ýatan magşugyny ölendir öýdüp pikir edýär-de, bu ajy hasrata ýüregi dözmän zäher içýär. Julýetta oýanansoň, jany çykan Romeony görüp, kükreginden hanjar urýar. Perzentleriniň ölümi iki maşgalanyň arasyndaky dawa-jenjeliň soňuna çykýar.

Dört asyrdan gowrak wagt bäri millionlarça adamlaryň ýüreklerini lerzana salyp gelýän Şekspiriň bu ölmez-ýitmez tragediýasy – gahar-gazapdan, ýigrençden, duşmançylykdan we ölümden rüstem gelýän päk we çyn söýginiň mysaly hökmünde häzirki sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Sahna oýnundaky tolgundyryjy, dartgynly wakalar adamyň içki dünýäsine aralaşyp, kalbyň iň bir inçe kakuwlaryny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. Spektaklyň tragediýa häsiýeti, şahyrana duýgularynyň päkligi, özboluşly öwüşginleri, bu saldamly sahna oýnunyň ýakyn günlerde biziň teatr durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýan ajaýyp premýera boljakdygyna doly güwä geçýär.

Ýegenmämmet Taýlyýew, “Zaman-Türkmenistan”.