ABŞ-nyň NBC teleýaýlymynda görkezilýän “Saturday Night Live” gepleşigini alyp barýan meşhur wäşi Pete Dawidsonyň “Blue Origin” kompaniýasynyň gämisi bilen çykjakdygy mälim edildi. Bu barada “New York Post” neşiri habar berýär. Mundan ozal Dawidson Kim Kardaşýan bilen bilelikde “Blue Origin” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň öýüne agşam naharyna barypdy. Entek kosmos gitmek baradaky şertnama gol çekilmändigi aýdyldy.

Häzirki wagtda dünýäniň iň gurply adamy bolan Bezos 2000-nji ýylda “Blue Origin” kompaniýasyny esaslandyrdy. Kompaniýanyň işläp taýýarlan gämisi ilkinji gezek geçen ýylyň iýulynda kosmosa çykdy.