“Sony” “Honda” bilen elektroulag öndürer

175

Ýaponiýanyň “Honda” hem-de “Sony” kompaniýalary bilelikde elektroulag öndürmek üçin ylalaşyk gazandy. Bilelikdäki kompaniýanyň ilkinji ulagy 2025-nji ýylda peýda bolar. “Sony” kompaniýasy köp wagtdan bäri elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijileri öndürmek üçin tagalla edýär. Kompaniýa “Vision-S 02” atly nusgalyk ulagyny hem köpçülige görkezipdi. Bu ulag beýleki şereketler bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde öndürilipdi. Bilelikde öndüriljek ulagyň tehniki aýratynlyklary barada habar berilmedi. Ýapon kompaniýasy “Bosch”, NVIDIA, “Qualcomm”, “Continental”, ZF we “Magna Steyr” ýaly kompaniýalar bilen elektroulag tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk edipdi.