Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna Goturdepe nebitgaz ýatagynda şol şertnama laýyklykda iş alnyp barylýan nebit guýulary bilen bilelikde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.