Ermenistanyň bäşinji Prezidenti Waagn Haçaturýan kasam kabul edip, Milli mejlisiň ýörite maslahatynda wezipesine girişdi.

-Respublikanyň Prezidentiniň wezipesine girişenimde, Ermenistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna wepaly boljakdygymy, ygtyýarlyklarymy ýerine ýetirenimde adalatly boljakdygymy, diňe döwletiň we milletiň bähbitlere esaslanjakdygyma we milli agzybirligi pugtalandyrmak üçin ähli tagallalarymy gaýgyrmajakdygyma kasam edýärin – diýip, Haçaturýan Ermenistanyň konstitusiýasynyň ýörite nusgasyna elini goýup kasam etdi.

Dabara Ermenistanda akkreditlenen diplomatlar, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ruhanylar we resmi adamlar hem gatnaşdy. Hachaturýan 3-nji martda ýurduň parlamentinde geçirilen saýlawlarda prezidentlige saýlandy. Ses berişligiň ikinji tapgyrynda 71 deputat onuň dalaşgärligini goldady. 2015-nji ýyldaky Konstitusiýa özgertmelerinden soň Ermenistan dolandyryşyň parlament görnüşine geçip, ýurduň Prezidenti Milli mejlis tarapyndan saýlanýar.

Haçaturýandan öňki Prezidenti Armen Sarkisýan 23-nji ýanwarda wezipesinden çekilipdi. Şondan soň dolandyryjy “Raýat Şertnamasy” partiýasynyň agzalary Haçaturýany bu wezipä hödürledi. Ondan öň Haçaturýan ýokary tehnologiýa senagaty ministri bolup, 1992-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli Ýerewanyň häkimi bolup işledi.