Krokodil şekilli nyşany bolan egin-eşik brendi dünýäde giňden tanalýar. “Lacoste S.A.” atly fransuz kompaniýasy egin-eşikler bilen bir hatarda aýakgap görnüşlerini, sport eşiklerini, äýnekleri, deri önümleriniň birnäçe görnüşini atyrlary, sagatlary we beýleki birnäçe görnüşli önümleri öndürýär. 1933-nji ýylda döredilen bu brend ýaşyl reňkli krokodil şekili bilen bellidir.
1926-njy ýylda fransuz tennisçisi Rene Lakost ABŞ-da geçirilen tennis ýaryşyna şol döwürde şäherlileriň geýýän uzyn ýeňli köýneginiň deregine, elde tikilen, ýeňi gysga köýnekçe geýip çykýar. Bu köýnek ýeňi gysga bolandygy üçin yssy howada türgen üçin has amatly bolupdyr. 1927-nji ýylda Dewisiň Kubogynyň geçirilýän döwründe amerikan metbugatynda Lakostyň çemodanynyň krokodiliň derisinden edilendigi baradaky gürrüňler sebäpli oňa “krokodil” lakamy dakylýar. Ol bu at bilen meşhurlyk gazanandan soňra nyşany krokodile meňzeş köýnek öndürmek kararyna gelýär. Şeýlelikde, 1933-nji ýylda telekeçi Andre Gillier bilen bilelikde bu brendi döredýär. Lakost tennis ýaryşlaryna ähli eşikleri krokodil şekilli haryt nyşany bilen bezelipdir. Häzirki wagtda bu brendiň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýüzlerçe dükan we işgäri bar.
Sülgün Mammedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby