Awstraliýanyň iň baý adamy planetany halas etmek üçin 3 milliard awstraliýa dollaryny (2,2 milliard dollar) gönükdirer. Endrýu Forrest merkezi Kwinslendde ýerleşýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmakçydygyny aýtdy. Forrestiň «Squadron Energy» kompaniýasy ýel we Gün fermasyny ösdürmek bilen meşgullanýan «Clarke Creek» taslamasyny satyn aldy. Bu taslamanyň gurluşyga başlamagy üçin eýýäm baglaşylan şertnamalary-da bar.
– Biz «Clarke Creek»-e diňe bir gaýtadan dikeldilýän ýel we Gün energiýasynyň öýlerimizi, kärhanalarymyzy we şäherlerimizi energiýa bilen üpjün etmek maksady bilen däl-de, eýsem, gazylyp alynýan energiýa çeşmelerine garaşlylykdan dynmak üçin möhüm ädim hökmünde maýa goýýarys – diýip, Forrest belledi.
«Clarke Wind» taslamasynyň birinji tapgyrynyň 2024-nji ýylda, ikinji tapgyrynyň bolsa 2026-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar. Taslama 660 müň öýi ýa-da Kwinslendiň öý hojalyklarynyň 40 göterimini energiýa bilen üpjün edip biler. Şeýle-de, Forrest özüniň ýolbaşçylyk edýän magdan gazyp alyjy «Fortescue Metals Group» kompaniýasyny dünýäde iň uly ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürijä öwürmegi meýilleşdirýär.