Müsür nebitiň we gazyň dünýä bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli uglewodorod önümçiligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu barada ýurduň Nebit we mineral serişdeler ministri Tarek al-Mulla habar berdi.
– Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar köp ýurtlaryň, şol sanda, Müsüriň ykdysadyýetine hem öz täsirini ýetirýär. Şoňa görä, ilkinji nobatda, içerki bazaryň nebit önümlerine we tebigy gaza bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin täze iş meýilnamalaryny döretmeli – diýip, ministr aýtdy.
Ol nebit we gaz çykarylyşynyň derejesini artdyrmak, şeýle hem, Müsüriň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen «bu meýilnamalaryň ýataklary gözlemek boýunça ýokary depginli işleri, täze açylan ýataklary çalt özleşdirip ulanmaga bermegi öz içine almalydyr» diýip belledi.
Ministr häzirki şertlerde Müsüriň tebigy gaz eksportyna aýratyn bil baglaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, täze ýataklary gözlemek işlerini güýçlendirip, tebigy gaz önümçiligini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak möhümdir. Şeýle-de tebigy gaza bolan islegiň artýandygyny hem-de sarp ediji ýurtlaryň gaz zerurlyklaryny üpjün etmek üçin alternatiwalary gözlemek ugrundaky tagallalaryny nazara alyp, bar bolan infrastrukturany ulanmak zerurdyr.
Şeýle hem, ol çykdajylary azaltmak, ýerlikli sarp etmek we önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen dünýädäki wakalary nazara alyp, iş meýilnamalaryna we olaryň nebit bazarlaryndaky aýdyň täsirine yzygiderli düzedişler girizmegi tabşyrdy.