ABŞ-da ar­zan ba­ha­ly hyz­mat hö­dür­le­ýän «Fron­ti­er Air­li­nes»-iň we «Spi­rit Air­li­nes»-iň bir­leş­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Bu bir­le­şik ýurt­da bä­şin­ji iri awia­kom­pa­ni­ýa­ny dö­re­der. Şert­na­ma­nyň umu­my ba­ha­sy 6,6 mil­liard dol­lar bo­lup, paý­na­ma­la­ryň 51,5 gö­te­ri­mi­ne «Fron­ti­er Air­li­nes», 48,5 gö­te­ri­mi­ne «Spi­rit Air­li­nes» gö­zeg­çi­lik eder.
Yla­la­şy­gyň şert­le­ri­ne gö­rä, «Spi­rit»-iň paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy 2,9 mil­liard dol­lar bo­lup, şert­na­ma­nyň 2022-nji ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da bag­la­şyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa ýa­kyn wagt­da ştab-kwar­ti­ra­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri we ady ba­ra­da bel­li ka­ra­ra ge­ler. Hä­zir­ki wagt­da «Fron­ti­er»-iň ştab-kwar­ti­ra­sy Ko­lo­ra­do şta­ty­nyň Den­wer şä­he­rin­de, «Spi­rit»-iň ştab-kwar­ti­ra­sy Flo­ri­da şta­ty­nyň Mi­ra­mar şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.
Bir­le­şen kom­pa­ni­ýa­nyň sarp edi­ji­ler üçin her ýyl 1 mil­liard dol­lar tyg­şyt­la­jak­dy­gy çak edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, 19 ýurt­da 145 ugur bo­ýun­ça gün­de­lik 1000-den gow­rak uçuş bo­lar. 2026-njy ýy­la çen­li 10 müň­den gow­rak iş or­nu­ny dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň 2021-nji ýyl­da­ky ma­li­ýe ne­ti­je­le­ri­ne esas­lan­saň, bi­le­le­şen kom­pa­ni­ýa­nyň, ýyl­lyk gir­de­ji­si, tak­my­nan, 5,3 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy.