Soňky ýyllarda müşderiler islendik harydy söwda nokadyna baryp däl-de, ony onlaýn sargap, öz salgylaryna getirtmegi kem görmeýärler. Bu bolsa, wagty tygşytlamaga, tölegi elektron görnüşde tölemäge ýardam edýär. Pandemiýa döwründe artan elektron söwdanyň geljekde has-da ösmegine garaşylýar. Bilermenler ABŞ-da elektron söwdanyň möçberiniň şu ýylyň dowamynda 1 trillion dollardan geçjekdigini çaklaýarlar. «Adobe Analytics» atly kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň mart aýyndan şu ýylyň fewral aýyna çenli ýurtda elektron usulda sargyt edilen harytlaryň we hyzmatlaryň möçberi 1,7 trillion dollar bolupdyr. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen bu görkeziji bir ýylyň dowamynda ilkinji gezek bir trillion dollardan geçer.
Näzik HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.