Türkiýäniň “Galatasaray” klubynyň stadiony täsin aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Nef Stadionynyň üçegine ýerleşdirilen 10 müňden gowrak Gün paneli zerur bolan elektrik energiýasynyň 63 göterimini üpjün eder. Şeýlelikde, sport desgasy “Gün energiýasy bilen işleýän iň güýçli stadion” adyna eýe boldy. Bu mynasybetli geçirilen dabara “Galatasaraý” klubynyň başlygy Burak Elmas, “Enerjisa Enerji” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Murat Pynar we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emini Şeýda Subaşy gatnaşdy. Şeýda Subaşy degişli şahadatnamany klubuň ýolbaşçylaryna gowşurdy.
“Enerjisa Enerji” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen taslamanyň çäklerinde stadionyň üçegine 10 müň 404 Gün paneli oturdyldy. Bu panelleriň önümçilik kuwwatynyň 4,3 megawatdygy mälim edildi. Bu energiýanyň iki müň öýli ilatly nokady elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýetýän energiýa barabardygy aýdyldy.