2028-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatyny guramak üçin üç dalaşgär UEFA ýüz tutdy. 23-nji mart ýüz tutmak üçin soňky gündi. Şeýlelikde, Birleşen Korollyk bilen Irlandiýa, Türkiýe hem-de Russiýa 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyny guramaga isleg bildirdi. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, çempionat Birleşen Korollyk (Angliýa, Uels, Şotlandiýa, Demirgazyk Irlandiýa) we Irlandiýada geçirilmegi mümkin. Ýöne çempionata ýer eýesi hökmünde haýsy ýygyndylaryň gatnaşjakdygy uly mesele bolup durýar. UEFA şol ýyldan başlap çempionata 32 ýygyndynyň gatnaşmagy ugrunda tagalla edýär. Başgaça aýdylanda, Ýewropa çempionatyna 2028-nji ýyldan başlap, 24 däl-de, 32 ýygyndy gatnaşar.
Ýeri gelende aýtsak, Russiýa bilen Türkiýe döwletleri hersi aýratynlykda Euro 2032-ni guramaga-da dalaşgär bolandyklary habar berildi.
Euro 2028-iň geçiriljek ýeri geljek ýylyň sentýabr aýynda mälim ediler.