Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň sanyny tapgyrlaýyn ýagdaýda artdyrmagy maksat edinýär. Kompaniýa geljek bäş ýylda gibrid we elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň sanyny artdyrar. “Honda” beýleki awtoulaglardan biraz giç – 2040-njy ýylda adaty ýangyçly ulaglaryň önümçiligini bes etmegi maksat edinýär. Ýapon öndüriji Ýewropa bazaryna niýetlenen “Civic” modeliniň gibrid görnüşini tanyşdyrdy. Şeýle hem kompaniýa 2023-nji ýylda önümçiligine başlanjak SUV ulagyny hem köpçülige görkezdi. “e:Ny1” ady bilen tanyşdyrylan ulag dolulygyna elektrik energiýasy bilen işlär. Bu ulag “Peugept e-2008” we “Opel Mokka-E” ýaly kiçi göwrümli şäher jipleriniň bäsdeşi bolar. Ulagyň adynyň önümçilige goýberilende üýtgediljekdigi habar berildi. “Honda” amerikan bazary üçin “General Motors” kompaniýasy bilen bilelikde “Prologue” atly elektroulagy işläp taýýarlaýar.
Maýagözel Bähbidowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby