Dünýäniň ösen ýurtlary tehnologiýasy, ykdysadyýeti, desgalary we başga-da dürli ösen pudaklary bilen tanalýar. Şol ýurtlaryň kämil ulgamlary bolsa, dünýäniň ähli künjüne täsirini ýetirýär. Howany arassalamak, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek babatda hem dünýäniň ösen sebitleri iri taslamalara maýa goýup, olary durmuşa geçirýärler. Tehnologiýa, ykdysadyýet, ylym-bilim syýasatynda-da, şol sanda syýahatçylyk, logistika taýdan hem ösen sebitleriň biri hasaplanýan Hytaýda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Energiýa zerurlyklaryny üpjün etmek maksady bilen bu ýurtda Gün fermalarynyň hem sany barha artýar. Ýurduň demirgazygyndaky Datun okrugynda gurlan ägirt uly Gün bekedi bolsa, täsin şekili bilen haýran galdyrýar. Gün panelleriniň ýerleşýän ýerine guşuçar belentlikden seredilende iki sany uly pandanyň şekilini görmek bolýar. Müňlerçe Gün panelinden emele gelen beket ýanaşyk paneller bilen bilelikde 248 gektar meýdany eýeleýär. Bekediň önümçilik kuwwaty 100 megawatta barabar. Ýurtdaky beýleki Gün beketleri göz öňünde tutulanda bu desga o diýen uly hem däl. Energiýa öndüriji desgany «Panda Green Energy» atly kompaniýa döredipdir. Şol sebäpli kompaniýanyň hünärmenleri öz ady bilen baglanyşykly dizaýny göz öňünde tutmagy makul bilipdirler. Şeýle hem bu ýurt aýylaryň endemiki görnüşi bolan pandalaryň ýaşaýan ýeri hökmünde hem bellidir.
Hytaý dünýäniň beýleki ýurtlaryndan has köp Gün energiýasynyň kuwwatyna eýedir. Tibet platosynda ýerleşýän 850 megawattlyk Lunýansýa bekedinde dört million panel bar. Häzirki wagtda Günden energiýa alýan iň uly beket ýurduň Tenger çölünde ýerleşip, onuň önümçilik kuwwaty 1500 megawattdan geçýär. Marketing maslahatlaryny berýän «Bloomberg New Energy Finance» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Hytaý Günden energiýa öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýär. Halkara Energetika Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, Hytaý Gün paneliniň önümçiliginde hem öňdeligi eýeleýär. Dünýädäki panelleriň 60 göterimi bu ýurtda öndürilýär.