Nanşa köprüsi Hytaýyň Guandun welaýatynda ýerleşýär. Köpri Guançžou şäheriniň Nanşa etraby bilen Dunguane şäheriniň Şatýan şäherçesini birleşdirýär. Köpri Dür derýasynyň (Çzuszýan hem diýilýär) üstünde ýerleşýär. 2013-nji ýylda gurluşygyna başlanan desga 2019-njy ýylyň aprelinde ulanmaga berildi. Uzynlygy 12,9 kilometre, ini 40,5 metre ýetýän iki taraplaýyn 8 zolakly köpri awtoulag geçmäge niýetlenendir. Ýeri gelende bellesek, Nanşa diňe derýanyň bir tarapyndan, beýleki tarapyna geçmek üçin geçelge bolman, 7 kilometrlik köprüden, 3 sany çatrykdan we bir kilometrden gowrak uzak aralykda hereket edip boljak asma köprülerden ybaratdyr. Bu köprüde sagatda 100 kilometr tizlik bilen hereket etmäge rugsat edilýär. Köprini gurmak üçin 1,6 milliard dollar sarp edilipdir. Nanşa köprüsinde 3 sany geçelge bolup, olaryň biri Dür derýasynyň günbatarynda we beýlekisi gündogar kenarynda, üçünjisi bolsa köprüniň ortasynda ýerleşýär. Beýleki derýalaryň üstünden geçýän köprüler hem Nanşa köprüsi bilen birleşip, birnäçe aýlawly ägirt uly köprüler toplumyny emele getirýärler. Nanşa 5G ulgamy bilen doly örtülen Hytaýda ilkinji iň uly köprüdir.