Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” kompaniýasynyň geçen ýyl çykaran “Ioniq 5” awtoulagy birnäçe baýraga mynasyp bolupdy. Daşky gurşawa zyýansyz ulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berýän kompaniýa soňky ýyllarda satuwyny hem ýokarlandyrýar. Kompaniýa dürli maksatly awtoulaglary öndürmegi bilen hem tapawutlanýar. Koreý brendi şu ýylyň iki aýynda 74 müň 661 awtoulag satyp öz rekordyny täzeläpdir. Müşderilere kompaniýanyň elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryna has köp isleg bildirýärler. Kompaniýa ýangyjyň iki görnüşinden peýdalanylýan gibrid ulaglarynyň önümçiligini hem artdyrýar. “Hyundai”-yň awtoulag satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28,8 göterim ýokarlanypdyr. Koreý öndürijiniň Ýewropadaky satuwynyň 29,3 göterimini “Tucson”, 21,4 göterimini “Kona” we 11,1 göterimini “Hyundai i20” modeli emele getiripdir. Eýýäm köp bazarda kompaniýanyň elektroulag satuwynyň 10 göterimini elektroulaglar emele getirýär.
Gülçehra Nurmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy