Fransiýada prezident saýlawlary üçin kampaniýa resmi taýdan başlandy. Respublikanyň ýolbaşçysy wezipesine 12 dalaşgär hasaba alyndy. 27-nji martda kampaniýanyň ilkinji saýlawdan öňki maslahaty geçirildi. Parižde we Marselde aşa sagçy “Reconquista” hereketiniň lideri Erik Zemmur we “Ýanbermez Fransiýa” partiýasynyň esaslandyryjysy Žan-Lýuk Melanşon köp sanly syýasy çäreleri gurady.
Iň soňky pikir soralyşyklara görä, häzirki Prezident Emmanuel Makron bäsdeşlerinden ozduryp, pikiri soralanlaryň 28%-i tarapyndan goldaw tapdy. Şeýle-de saýlawçylaryň 17%-den gowragynyň Makronyň esasy bäsdeşi, “Milli Bileleşik” partiýasynyň lideri Marin Le Pene ses bermäge taýýardygy belli boldy. Ondan soň “Ýanbermez Fransiýa” partiýasynyň başlygy Žan-Lýuk Melanşon, “Reconquista” partiýasyny esaslandyryjysy Erik Zummer we “Respublikaçy” partiýasynyň dalaşgäri Waleri Pekress gelýär.
Şeýle hem Prezident wezipesine bäsleşýänleriň arasynda Kommunistik partiýanyň milli sekretary Fabýen Russel, “France Arise” partiýasynyň başlygy Nikolýa Dýupon-Anýan, “Sosialistler” partiýasyna dalaşgärlik edýän, Parižiň häkimi Ann Idalgo, “Ýewropa-Ekologiýa-Ýaşyllar” partiýasynyň agzasy Ýannik Žado, “Işçiler göreşi” partiýasynyň dalaşgäri Natali Arto we deputat Žan Lassal, çepçi syýasatçy Filip Putu bar.
Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 10-njy aprelde geçiriler. Bu saýlawda dalaşgärleriň hiç biri 50 göterimden köp ses alyp bilmese, iki hepdäniň dowamynda saýlawyň ikinji tapgyry geçiriler. Ikinji tapgyrda birinji saýlawda iň köp ses alan iki dalaşgär öz aralarynda bäsleşer. Bäş ýyl ozalky saýlawda Emmanuel Makron bilen Marine Le Pen öz aralarynda bäsleşipdi. Fransuz sosiologlarynyň çaklamalaryna görä, bu saýlawda hem Marin Le Pen bilen Emmanuel Makronyň ikinji tapgyrda ýaryşjakdygyny çaklaýarlar. Ýurduň Prezidenti bäş ýyllyk möhlete saýlanýar.