Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl belli aralyklar bilen dowam eden pandemiýa sebäpli bir milliard adam daşary ýurtlara syýahat edip bilmändir. Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylda 421 million adam syýahat edipdir. Pandemiýa döwründe syýahatçylygyň iň pese gaçan ýeri Uzak Gündogar ýurtlary bolupdyr. Geçen ýyl Fransiýa 40 million jahankeşde baryp, birinji bolupdyr. 31,9 million syýahatçyny kabul eden Meksika ikinji, 31,2 million jahankeşde baran Ispaniýa üçünji orny eýeläpdir.