“Cathay Pacific Airways Ltd.” awiakompaniýasynyň Nýu-Ýork-Gonkong aralygyndaky gatnawy dünýäniň iň uzyn ýolagçy gatnawy bolar. Täze ugurda gatnaýan uçar 17 sagatlap ýol ýörär. Jon Kennedi adyndaky halkara howa menzilinden howa göterilen uçar Atlantik ummanyndan, Birleşen Patyşalykda, Günorta Ýewropa ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçip, soňky duralgasyna barar. Düşelgesiz dowam etjek uçuşyň dowamynda howa gämisi 16 müň 618 kilometrlik ýol geçiler. Uçuş wagtynyň 17 sagat töweregi bolmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň spikeri bu aralygy Ýeriň beýleki tarapyndan – Ýuwaş ummanynyň üstünden hem geçip bolýandygyny, emma transatlantik uçuşyň ýylyň bu döwründe dowam edýän güýçli ýel zerarly has amatlydygyny belleýär. Kompaniýa pandemiýadan ozal bu aralykda her gün iki tarapa üç gatnawy amala aşyrýardy. Pandemiýadan soňra bolsa Ýuwaş ummanynyň üstünden geçilýärdi.

“Air New Zealand Ltd.” kompaniýasy golaýda Oklend-Nýu-Ýork aralygynda täze gatnawyň açyljakdygyny mälim etdi. “Qantas” awiakompaniýasy hem Melburn-Dallas aralygynda täze gatnawyň ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Bu iki gatnawyň hem şu ýyl ýola goýulmagyna garaşylýar. Pandemiýadan ozal “Qatar Airways”-iň Doha-Oklend hem-de “Emirates Airline”-yň  Dubaý-Okland uçuşlary iň uzak howa gatnawy hasaplanýardy.

Tyllagözel Garlyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby