Afrikadan gatnaşjak beýleki 2 ýygyndy Kamerunyň hem-de Marokkonyň ýygyndylary bolup, olaryň birinji öz meýdançasynda Alžirden 1-0 asgyn gelipdi. Jogap duşuşygynda Kamerunyň ýygyndysy 22-nji minutda Çupo-Motingiň goly bilen 1-0 öňe saýlanyp, umumy hasaby deňledi. Netijede, oýnuň esasy wagty 1-0 hasabynda tamamlandy we duşuşyga goşmaça 30 minut berildi. Oýnuň goşmaça wagty-da tamamlanyp barýarka, has takygy, 118-nji minutda Ahmed Tuba hasaby deňlemegi başardy. Bu hasap alžirlileriň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin ýeterlikdi. Ýöne ruhdan düşmedik kamerunlylar 120+4-nji minutda Toko Ekambiniň goly bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş Kameruny 8 ýyldan soň 8-nji gezek (1982, 1990, 1994, 1998, 2002, 2010, 2014, 2022) Dünýä Kubogyna çykardy.

Kongo DR bilen myhmançylykda 1-1 deňme-deň oýnan Marokkonyň ýygyndysy Kazablankada oýnalan jogap duşuşygynda 4-1 ýeňiş gazandy. Duşuşykda Marokkonyň adyndan Unahi (21, 54), Tissudali (45+7) hem-de Hakimi (69) tapawutlandy. Kongolylaryň ýeke-täk goluny-da 77-nji Malango öz adyna ýazdyrdy. Marokkonyň ýygyndysy 6-njy gezek (1970, 1986, 1994, 1998, 2018, 2022) Dünýä Kubogynda çykyş eder.