1969-njy ýylda Aýa adamly syýahat wagtynda alnan toprak nusgalary auksion arkaly satuwa çykarylar. Şol ýylyň 20-nji iýulynda “Apollo 11” missiýasynyň çäklerinde Neil Armstrong adamzat taryhynda ilkinji bolup, Aýa aýak basypdy. “Apollo 11” missiýasynyň çäklerinde Buzz Aldrin bilen Maýkl Kollins hem Aýa gidipdi. Amerikan astronawtlary Ýeriň hemrasynda 21 sagat 36 minut boldular we ol ýerden toprak nusgalaryny ýygnadylar. 50 ýyldan köp wagt geçenden soňra şol nusgalary Angliýanyň “Bonhams” auksion öýi satuwa çykarýar. Bu täsin nusganyň 800 müň dollardan gymmada satylmagyna garaşylýar.

Begmyrat Myratmuhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby