Premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy bileleşik “Fides – Hristian Demokratik Halk Partiýasy” 67% ses alyp, Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda öňde barýar, Peter Marki-Zaýyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bolsa, 29% sese eýe ýoldy. Bu barada Milli Saýlaw Ofisi (NVI) sesleriň 53,19% -ini sanalandan soň habar berdi.

NVI-niň habaryna görä, sesleriň 53,19%-i sanalandan soň, “Fides-HDHP” 67,34% -e eýe bolup, mejlisde 134 orna eýe bolýar, partiýalaryň koalisiýasy hem 29,15%, ýagny 56 orun alýar. Galan ýedi orun, “Biziň Watanymyz” hereketine paýyna düşýär.

Deputatlaryň orunlarynyň sany 199-a deňdir. Jemgyýetçilik pikirleriniň yzygiderli geçirilmegi bilen subut edilişi ýaly, soňky üç aýyň dowamynda “Fides-HDHP” öňdeligi eýeleýär. Şeýlelik bilen, geçen aýyň pikir soralyşyklarynda “Fides-HDHP” takmynan 50%, koalisiýa bolsa 40% -den gowrak sese eýe boldy.

Öňki parlament saýlawlary Wengriýada 2018-nji ýylyň aprelinde geçirildi. Şondan soň, täze saýlanan parlament Wiktor Orbany Premýer-ministr saýlady we ol bu wezipä dördünji gezek eýe boldy.