Aýdym-saz sungatynyň iň uly baýragy bolan «Gremmi» baýraklary gowşuryldy. 64-nji «Gremmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Las Wegasdaky «MGM Grand Garden» arenada geçirildi. Trewor Noýuň alyp baran dabarasynda ýylyň ýazgysy diýlip, «Silk Sonic» toparynyň «Leave the Door Open» atly aýdymy saýlandy. Ady agzalan bu aýdym ABBA, Leýdi Gaga, Jon Batiste, Billi Aýliş, Lil Nas X, Oliwiýa Rodrigo ýaly aýdymçylaryň aýdymlaryndan tapawutlanmagy başardy. «Silk Sonic» toparynyň bu aýdymy ýylyň aýdymy diýlip hem saýlandy. Şeýlelikde, Bruno Mars hem-de Anderson .Paak-yň bilelikde döreden bu toparynyň aýdymy 66-njy «Gremmi» baýraklarynda esasy 2 sylagy gazanmagy başardy. Aýdym şol bir wagtyň özünde iň gowy R&B ýerine ýetiriş hem-de iň gowy R&B aýdym diýlip ugurlarda-da öňe saýlandy.

Dabarada ýylyň albomy diýlen baýraga Jon Batisteniň «We Are» atly albomy laýyk görüldi. Jon Batiste dabaradan 5 heýkeljik bilen dolanyp, agşamyň iň köp «Gremmi» baýragyny gazanan aýdymçysy boldy.

Ýylyň täze aýdymçysy baýragy-da Oliwiýa Rodrigo gowşuryldy. Ýaş zenan aýdymçynyň «Drivers License» atly aýdymy iň gowy pop solo ýerine ýetiriş, şeýle-de «Sour» atly albomy iň gowy pop wokal albomy diýlip saýlandy.

«Foo Fighters» toparynyň «Making a Fire» atly aýdymyň iň gowy rok ýerine ýetiriş, şeýle-de olaryň «Waiting for a War» atly aýdymy-da iň gowy rok aýdym, «Medicine at Midnight» atly albomy-da iň rok albom diýlen ugurlarda «Gremmi» baýragyny gazandy. Aýdym-sazyň rep görnüşi boýunça gowşurylan baýraklarda Kanýe West 2 baýrak gazandy. Baby Keem bilen Kendrik Lamaryň bilelikdäki «Family Ties» aýdymy iň gowy rep aýdymy, Kanýe West, The Weeknd hem-de Lil Baby-niň «Hurricane» atly aýdymy iň gowy melodiýaly rep aýdymy, Kanýe Westiň «Jail» atly aýdymy-da iň gowy rep aýdymy şeýle-de Tyler, the Creator-yň «Call Me If You Get Lost» albomy-da iň gowy rep albomy saýlandy.

Başga-da birnäçe ugur boýunça «Gremmi» heýkeljikleriniň gowşurylan dabarasynda J. Balwin, Oliwiýa Rodrigo, Bruno Mars, Anderson .Paak, BTS, Lil Nas X, Billi Aýliş, Nas, Leýdi Gaga, Jon Lejend, Jastin Biber, H.E.R. Karri Anderwud, Jon Batiste ýaly meşhur aýdymçylar özleriniň ilhalar aýdymlary bilen dabara ýygnanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

 

64-nji «Gremmi» baýraklarynyň ýeňijileri (käbirler):

Ýylyň ýazgysy: «Leave the Door Open» – «Silk Sonic»

Ýylyň aýdymy: «Leave the Door Open» – «Silk Sonic»

Ýylyň albomy: «We Are» – Jon Batiste

Ýylyň täze aýdymçysy: Oliwiýa Rodrigo

Iň gowy pop solo ýerine ýetiriş: «Drivers License» – Oliwiýa Rodrigo

Iň gowy pop topar ýerine ýetirişi: «Kiss Me More» – Doja Cat featuring SZA

Iň gowy pop wokal albom: «Sour» – Oliwiýa Rodrigo

Iň gowy rok ýerine ýetiriş: «Making a Fire» – Foo Fighters

Iň gowy rok aýdymy: «Waiting on a War» – Foo Fighters

Iň gowy rok albom: «Medicine at Midnight» – Foo Fighters

Iň gowy R&B ýerine ýetiriş: «Leave the Door Open» – «Silk Sonic»

Iň gowy R&B aýdymy: «Leave the Door Open» – «Silk Sonic»

Iň gowy R&B albomy: «Heaux Tales» – Jazmine Salliwan

Iň gowy rep ýerine ýetiriş: «Family Ties» – Baby Keem featuring Kendrik Lamar

Iň gowy rep melodiýaly ýerine ýetiriş: «Hurricane» – Kanye West featuring the Weeknd, Lil Baby

Iň gowy rep aýdymy: «Jail» – Kanye West featuring Jay-Z

Iň gowy rep albomy: «Call Me If You Get Lost» – Tyler, the Creator