UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalynda “Wilýarreal” öz meýdançasynda “Bawariýany” 1-0 ýeňdi. 3-nji gezek çärýek finalda çykyş edýän “Wilýarrealyň” ýeke-täk goluny 8-nji minutda Arnaut Danžuma öz adyna ýazdyrdy. Çempionlar Ligasynda 22 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Bawariýanyň” bu hasabatyny soňlandyran “Wilýarreal” ýene-de birnäçe howply pursatlary döretdi. “Bawariýa” Çempionlar Ligasynda 31 oýundan soň gol geçirtmek başartmady. Birinji oýunda gazanylan bu üstünlik “Wilýarrealy” ýarym finala golaýlaşdyrýan hem bolsa, “Bawariýanyň” öz meýdançasynda has şowly netijeler, uly hasaply ýeňişler gazanýandygy hemmä mälim. “Bawariýa” utulan çykdy oýunlarynda ozal hem 1-nji oýunda deňme-deň oýnap, ýa-da utulyp, öz meýdançasynda uly hasaply taryhy ýeňişler gazanan pursatlary az däl. Taktiki babatda Unaý Emeriniň ussatlygynyň birinji oýunda şowuna bolandygyny bellesek, onuň 2-nji oýundaky nähili başarnyk görkezjekdigi geljek hepdäniň sişenbe gününde, has takygy, 12-nji aprelde belli bolar.