Medinede 622-nji ýylda gurlan yslamyň ilkinji ybadatnahasy bolan Kuba metjidinde giň gerimli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Kuba metjidine baryp görensoň mälim etdi.  Muhammed ben Salman yslam pygamberiniň guran metjidiniň umumy meýdanynyň 50 müň inedördül metre çenli artdyrylyp, bu ýerde 66 müň adamyň namaz okap biljekdigini aýtdy. Mirasdüşer şazada Kuba metjidiniň töweregindäki binalaryň hem dikeldiljekdigini we bu ýerde yslamyň binagärlik däplerine laýyk gelýän toplumyň dörediljekdigini belledi.

Hijri senenamanyň 1-nji ýylynda gurlan Kuba metjidi, Pygamberiň metjidinden 5 kilometr uzaklykda ýerleşip, musulmanlaryň iň köp zyýarat edýän ýeridir. Abatlaýyş boýunça täze taslamada, bu mukaddes ýerleriň hemmesini birleşdirjek seýilgähiň gurluşygy we häzirki zaman awtoulag ýolunyň gurluşygyny goşmak bilen 57 desganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.