ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde dünýäniň iň inçe gökdiräni açyldy. “Steinway Tower” atly binanyň taslamasyny “ShoP” binagärlik kompaniýasy taýýarlapdyr. “ShoP” kompaniýasy gökdiräniň beýiklik we giňlik ölçegleriniň 24/1-digini belleýärler. “Central park” seýilgähiniň golaýynda, “111 West 57” köçedäki binanyň beýikligi 435 metre deň. Bina “One World Trade Center” hem-de “Central Park Tower”-den soňra Ýeriň Günbatar ýarym şaryndaky üçünji iý beýik bina hasaplanýar. Binanyň öň tarapy ýagtylyk üýtgäninde we başga taraplardan seredilen reňki başgaça görünýär. Reňk öwüşginini üpjün etmek üçin bişen toprakdan öndürilen ýörite kerpiçler ulanylypdyr. Gurluşygyna 2013-nji ýylda başlanan binanyň 84 gaty bar. Bu ýerdäki öýleriň bahasy 7,75 milliondan 66 million dollara çenli aralykda üýtgeýär.
Meýlis Rahmanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby