“SpaceX” kompaniýasy amerikaly, kanadaly hem-de ysraýylly üç adamy syýahatçylyk maksady bilen kosmosa iberdi. Lerri Konnor, Mark Peti we Eýtan Stibbe atly işewürler kosmos jahankeşdeleri hökmünde Halkara kosmos bekedinde bolarlar. Olaryň ýany bilen bir sany pilot – NASA-nyň ozalky astronawty Maýkl Lopez-Alegriýa hem bar. Uçuş Floridadaky Keýp Kanaweral kosmodromyndan amala aşyryldy.

“SpaceX” kompaniýasy mundan iki ýyl ozal hem kosmos syýahatçylaryny bu ýerden kosmosa iberipdi. Kosmos syýahatçylarynyň Ýeriň orbitasyna gidip-gelmek, ol ýerde bolmak  we iýip içmek ýaly ähli hyzmatlary üçin 55 million dollar tölejekdigi mälim edildi. Üç jahankeşde hem-de bir pilot 19-njy aprelde Ýere gaýdyp gelerler.

Geçen ýylyp dekabrynda ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maezawa we onuň kömekçisi Ýozo Hirako “Soyuz” raketasy bilen Halkara kosmos bekedine 12 günlük syýahaty amala aşyrypdy.

Ruslan Nazarow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby