Dünýäniň iň meşhur internet tizligini ölçeýän platformalaryň biri bolan “Speed Test” 2022-nji ýylyň başyndaku internet tizliginiň iň ýokary bolan ýurtlaryny mälim etdi. Platformanyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň fewral aýynda dünýä boýunça göçürip almakda internetiň ortaça tizligi 29,91 Mbit/s deň bolan bolsa, ýüklemekde bolsa internetiň ortaça tizligi 8,54 Mbit/s barabar boldy. Netijede, göçürip almakda internetiň tizligi iň ýokary bolan ýurt hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri boldy. Ýurtdaky ortaça internet tizligi 133,51 Mbit/s görkezijä eýe boldy. Sanawyň ikinji ornuny Norwegiýa eýelemek bilen, onuň bu ugurdaky görkezijisi 118,58 Mbit/s deň boldy. Üçünji ýeri bolsa 116,51 Mbit/s ortaça internet tizligi bilen Günorta Koreýa eýeledi.

Internet tizligi ýokary bolan dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary:

Birleşen Arap Emirlikleri – 133,51 Mbit/s;

Norwegiýa – 118,58 Mbit/s;

Günorta Koreýa – 116,51 Mbit/s;

Katar – 113 Mbit/s;

Gollandiýa – 107,81 Mbit/s;

Saud Arabystany – 94,64 Mbit/s;

Bolgariýa – 94,32 Mbit/s;

Daniýa – 94,17 mbit/s;

Hytaý – 87,76 Mbit/s;

Kuweýt – 85,38 Mbit/s.

Aýmuhammet Nurgeldiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby