Gün panellerinden elektrik energiýasyny öndürýän Ýewropanyň iň uly desgasy Gresiýada açyldy. Bu desganyň 75 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etjekdigi habar berildi. Ýurt 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiligini iki esse artdyryp, 19 gigawata çykarmagy maksat edinýär. Ýurduň demirgazygyndaky Kozani etrabyndaky 204 megawat kuwwaty bolan desgany “Hellenic Petroleum” kompaniýasy gurdy. Ýewropa Bileleşiginiň Statistika edarasynyň maglumatyna (Eurostat) görä, Gresiýa 2020-nji ýylda öňde goýan maksadyna aňryýany bilen ýetip, sarp edilýän energiýanyň 21,7 göterimini arassa çeşmelerden alypdyr. Ýurtda bu görkezijiniň 2030-njy ýyla çenli 35 göterime ýetmegine garaşylýar. Täze açylan desgadaky paneller aýnadan ýasalyp, “iki ýüzli” bolmagy bilen tapawutlanýar. Çarçuwasy bolmadyk bu paneller has köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär.
Ibragim Meredow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby