“Eger-de siz lotoreýadan ummasyz pul utsaňyz, näme ederdiňiz?” diýen sowala her kim, birhili jogap berse gerek. Fransiýanyň bir raýaty “EuroMillions” atly lotoreýadan 200 million ýewro utdy. Adynyň mälim edilmegini islemedik bu adamyň utan puluna daşky gurawy goramak maksady bilen gazna esaslandyrandygy habar berilýär.

Guý lakamly bu adam hiç haçan özüniň ýahtalary, jaýlary ýa-da kaşaň sport ulaglary küýsemändigini, arzuwynyň diňe haýyr-sahawatly bir ynsan bolmakdygyny aýdýar. Bagty getiren bu ynsan gaznanyň adyna Kot-d’Iuwardaky şäherleriň biri bolan Anýamanyň adyny goýdy.

Bu adamyň ýurduň günortasyna ýaşaýan pensionerdigi we uly mukdardaky puly 2020-nji ýylda utandygy barada fransuz metbugaty mälim edýär. Guý lotoreýany daşky gurşawy goramaga goldaw bermek maksady bilen oýnandygyny we diňe uly mukdarda pul utup biljek biletleri satyn alandygyny belleýär.

Fransiýanyň milli lotoreýa edarasy “La Française des Jeux” Guýuň utan pullaryny haýyr-sahawata gönükdirendigini tassyklady.