Şu ýylyň birinji çärýeginde dünýäde jemi 80,5 million kompýuter satylandygy habar berildi. Maglumatlara görä, degişli döwürde stoluň üstünde goýulýan, ýanyňda göterilýän we beýleki kompýuterleriň satuwy 5,1 göterim azalypdyr. Degişli döwürde “Lenovo” kompaniýasy bazaryň 22,7 göterimini emele getirip, birinji bolupdyr. Soňra HP, “Dell” we “Apple” iň köp kompýuter satan şereketler bolupdyr. “Asus” we “Acer” bolsa bäşinji orny paýlaşypdyrlar. Beýleki kompaniýalar jemi 11,5 milliondan gowrak kompýuter satyp, bazaryň 14,8 göterimini emele getiripdir. “Dell” Asus” we Apple” kompaniýalary degişli döwürde satuwyny artdyrypdyr. “Dell” kompaniýasynyň satuwy 5 göterim artyp, bazardaky paýy 17,7 göterime ýetipdir. “Apple” kompaniýasy 7 milliondan gowrak “Mac” satyp, bazardaky paýyny 9 göterime ýetiripdir. “Asus”-yň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim ýokary bolup, müşderileriň 7,2 göterimi bu brendiň kompýuterini satyn alypdyr.
Nurmuhammet Amanlyýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby