Şu ýylyň başynda «Vivo» kompaniýasy daşky reňkini üýtgedýän telefonyny tanyşdyrypdy. «Vivo V23» we «V23 Pro» atly telefonlar «Fluorite AG Glass» atly tehnologiýa bilen gaplanypdyr. Uly ekranly telefonlaryň reňki daşaryk çykylanda gök bolýar. Telefonyň reňki ýagtylyga görä, üýtgeýär. Tehniki aýratynlyklary babatda aýdylanda bolsa «Vivo V23»-iň 50 megapiksel durulygynda esasy kamerasy, şeýle hem 8 megapiksel durulygynda ultragiň kamerasy bar. 5G aýratynlygy bolan «V23 Pro» görnüşinde bolsa, 108 megapiksel durulygynda kamera oturdylypdyr. Şeýle hem 8 we 2 megapiksel durulygynda goşmaça sensorlary bar. Smartfonda barmak yzyňy okaýan sensor ekrana ýerleşdirilipdir. Telefonlar 400 hem-de 520 dollar başlangyç bahasy bilen satuwa çykaryldy. “Vivo V23 5G” smartfonynyň öňki we yzky kamerasy bilen 4K wideo alyp bolýar.
Rahym Bäşimow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby