Indoneziýanyň Agam şäherinde bir öýüň howlusynda “Rafflesia Arnoldii” güli açyldy. Ösümligiň endemiki görnüşi seýrek ýagdaýda açylýar. Gülüň açylanyna eşiden adamlar ony surata düşürmek üçin bardylar. Şeýle hem bu gül dünýäniň iň uly güli hasaplanýar. Onuň gülýapraklarynyň diametri 1 metre golaý bolýar. Bu gül tebigy Sumatra we Borneo adalarynda hem-de Tailandda duş gelýär. Ösümlik näçe uly hem bolsa, ol bary-ýogy 2 hepdeden solýar. bu ösümlik agaçlaryň köklerinde ýeterlik temperatura we çyglylyk bolan ýagdaýynda parazit görnüşinde ösýär. Emele gelmeginiň kyndygy sebäpli ol gaty seýrek ýagdaýda gül açýar.

Begmyrat Myratmuhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky talyp hakynyň eýesi.