Ömrüň dowamlylygy üçin sagdyn iýmitlenmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi möhüm bolup durýar. Alym lukmanlar we bilermenler adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda tagalla edip, dürli ylmy seljermeleri geçirýärler. Lukmanlar gök-bakja önümleriniň düzümini seljerip, olaryň adam ömrüni uzaltmaga ýardam edýän häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga synanyşýarlar.
Rus lukmany Ýelena Malyşewa gyzyl soganyň, käşiriň we petruşkanyň düzüminde adam ömrüniň uzamagy üçin peýdaly häsiýetleriň bardygyny mälim etdi. Gyzyl sogan gök önümleriň arasynda flawonoidleriň, antioksidant maddalaryň iň köp möçberini özünde jemleýär. Olar bolsa öz gezeginde öýjüklerimizi gönüden-göni goraýarlar. Şeýle hem petruşkanyň düzüminde köp mukdarda kaliý bar. Ol bedeni gan basyşynyň ýokarlanmagyndan goraýar, bu hem uzak ömre oňyn täsir edýär.
Arslan ARNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.