«Mi­ra Sho­wers» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň aras­sa­çy­lyk bo­ýun­ça hü­när­me­ni Ker­ri Heýl öý­ler­dä­ki heň­ler­den we çyg­ly­lyk­dan dyn­ma­gyň ýol­la­ry ba­ra­da be­ýa­nat ber­di.
Adat­ça, heň ham­mam­da ýü­ze çyk­ýar. Ol hem otag­da çyg­ly­ly­gyň he­mi­şe sak­la­nyp gal­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ker­ri Heý­liň aýt­ma­gy­na gö­rä, ham­mam­da ösüm­lik­le­riň bi­ri­ni ýer­leş­dir­mek ar­ka­ly onuň öňü­ni al­mak bo­lar.
Iň­lis çyr­ma­şy­gy: Ony ki­çi­räk ham­mam ota­gy­na goý­mak bo­lar. Bu ösüm­li­gi şka­fyň ýo­kar­syn­da ýa-da asyp goý­sa­ňam bol­ýar.
Spa­ti­fil­lum: He­mi­şe gök öw­süp otur­ýan köpýyl­lyk ösüm­lik. Bu ösüm­lik üçin Gün şöh­le­si ze­rur däl. Ony penjiresiz ota­ga ýer­leş­dir­mek bo­lar.
Bos­ton pa­po­rot­ni­gi: Bu ösüm­lik çyg­ly top­ra­gy ha­la­ýar. Şo­nuň üçin bu gül hammamda goýulsa has amat­ly bo­lar. Şeý­le-de pa­po­rot­ni­gi Gün şöh­le­si­niň gö­nü­den-gö­ni düş­me­gin­den go­ra­mak ge­rek.
Ga­myş pal­ma­la­ry: Bu pal­ma­lar özü­niň ýap­rak­la­ry bi­len çy­gy özü­ne siň­dir­ýär. Şeý­le-de, olar ýag­ty­ly­gyň pes de­re­je­sin­de hem uzak wagt ýa­şap bil­ýär­ler.
Til­land­si­ýa: Ony penjireli otag­da ýer­leş­dir­mek has go­wu­dyr. Se­bä­bi oňa fil­tir­le­nen Gün şöh­le­si ze­rur­dyr. Ol hem çy­gy öz ýap­rak­la­ry ar­ka­ly çe­kip al­ýar.

Ak­ma­ýa ÖWE­ZO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.