Germaniýanyň “Volkswagen” topary şu ýylyň birinji çärýegindäki girdejisi barada maglumat berdi. Dünýäniň iň köp ulag satýan kompaniýasy bolan “Volkswagen”-iň peýdasy 77 göterim artyp, 8,5 milliard ýewro ýetipdir. Berlen maglumatda geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 4,8 milliard ýewro bolan eken. Kompaniýa şu ýylyň üç aýynda müşderilere ýetirilen ulaglaryň sanynyň 1,9 million bolandygyny habar berdi. Şeýle hem kompaniýanyň elektroulaglarynyň sany hem artypdyr. Birinji çärýekde kompaniýa dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň 99 müň 100-ini müşderilere ýetiripdir. Şeýlelikde bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 65 göterim ýokar bolupdyr. Elektroulag satuwynda Hytaýda görnetin ösüş gazanylypdyr. Dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolan bu ýurtda elektroulag satuwy 365,5 göterim artyp, 28 müň 800-e ýetipdir.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary awtoulag satuwynyň şu ýyl 8-13 göterim artmagyna garaşýarlar. “Volkswagen” birinji çärýege degişli jikme-jik maglumaty 4-nji maýda mälim etjekdigini habar berdi.

Nemes awtoulag öndürijisi “Audi”, “Bugatti”, “Seat”, “Skoda” we “Porsche” brendlerine-de eýeçilik edýär. “Volkswagen” birnäçe ýyldan bäri “Toyota”-dan soňra dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän we satýan kompaniýasy bolup gelýär. Nemes kompaniýasy käbir döwürlerde bu ugurda birinji hem bolupdy.

Beýleki nemes brendleri bolan BMW hem-de “Mercedes-Benz” golaýda ýylyň birinji çärýeginde awtoulag satuwlarynyň degişlilikde 6,2 we 15 göterim pese gaçandygyny mälim edipdiler.

Şirmuhammet Akmedow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.