Ýaponiýada möwsümiň ilkinji tutulan balygyny ýa-da haýsydyr bir ekiniň ilkinji hasylyny auksion arkaly satmak däbi bar. Ýurduň Miýazaki welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen ýokary sortly mangolaryň ilkinji hasylynda iki sanysy 500 müň ýene (3 969 dollar) satyldy. “Taiyo no Tamago” (Gün ýumurtgasy) brendi bilen ýetişdirilýän bu mango sorty sebitde hasyly alynýan mangonyň 15 göterimini emele getirýär.

Miýazaki oba hojalyk kooperatiwiniň müdiri Tomohiro Işikawa şu ýyl ýokary hilli hasyla garaşýandyklaryny aýtdy. Birinji hilli bolmagy üçin mangonyň düzüminde 15 göterimden köp şeker bolmaly. Şeýle hem agramy 350 gramdan ýokary bolmaly. Bu ýerde her ýylyň aprelinde mango hasyly ýygnalyp başlanýar.