Dünýäniň gymmat bahaly harytlaryny öndürýän “Bulgari”, “Dior”, “Celine”, “Kenzo”, “Givenchy” ýaly brendlere eýeçilik edýän “Louis Vuitton Moët Hennessy” (LVMH) holdinginiň şu ýylyň birinji çärýegindäki satuwy 23 göterim artyp, 18 milliard ýewro ýetipdir. Satuwyň ýokarlanmagynda Ýewropadaky we ABŞ-daky islegiň artmagyň täsiri uly bolupdyr. Bazary seljerijileri bu görkezijiniň 17 göterim bolmagyna garaşýardylar. Fransuz kompaniýasy girdejileri baradaky maglumatlary ýaýradandan soňra, Pariž biržasyndaky paýnamalarynyň bahasy 1,8 göterim ýokarlandy. Bu kompaniýa Bernard Arno eýeçilik edýär. Kompaniýanyň peýdasy ABŞ-da 26 göterim, Ýewropada 45 göterim, Aziýada 8 göterim artypdyr. LVMH-niň ýolbaşçysy Žan-Žak Gýoni “Dior” we “Celine” brendleriniň beýlekilerden has köp ösendigini mälim etdi.
Laçyn Gurbanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby