Dür­li me­de­ni ekin­le­riň to­hum­la­ry adam­za­dyň iý­mit üp­jün­çi­li­gi üçin äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, dün­ýä­de to­hum­çy­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ozal­dan bar bo­lan to­hum­la­ryň ýi­tip git­mez­li­gi üçin olar kö­pel­dil­ýär, ýö­ri­te am­mar­lar­da sak­lan­ýar. Şeý­le hem to­hum­çy­lyk iň gir­de­ji­li pu­dak­la­ryň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da te­bi­gy şert­le­re we dür­li ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly, ýo­ka­ry ha­syl­ly to­hum sort­la­ry dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de äh­mi­ýet­li­dir. Dün­ýä­de dür­li to­hum am­mar­la­ry bo­lup, ola­ryň iň tä­si­ni Nor­we­gi­ýa­nyň Swal­bard ada­syn­da­ky am­mar ha­sap­lan­ýar. De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn bo­lan bu ada­da ýy­lyň äh­li pas­lyn­da buz gat­la­gy bi­len ör­tü­len ýag­daý­da dur­ýan dag ete­gin­de 130 metr çuň­luk­da to­hum am­ma­ry ýer­leş­ýär. Long­ýir şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky to­hu­myň ýüz­ler­çe gör­nü­şi sak­lan­ýan bu am­mar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, te­bi­gy he­läk­çi­lik­ler we beý­le­ki se­bäp­ler­den haý­sy­dyr bir eki­niň to­hu­my­ ýi­tip gi­den ýag­da­ýyn­da ulan­mak mak­sa­dy bi­len 2008-nji ýyl­da gu­rul­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Swal­bard ada­la­ry Ýe­riň iň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän ilat­ly (ila­ty müň­den köp bo­lan) no­kat ha­sap­lan­ýar. To­hum sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ýe­ras­ty des­ga­da uzyn­ly­gy 27 met­re, giň­li­gi 10 met­re, be­ýik­li­gi 6 met­re deň bo­lan 3 am­mar bar. Bu ýer­de Ýer ýü­zü­niň dür­li ýe­rin­den ge­ti­ril­jek to­hu­myň 4,5 mil­li­on gör­nü­şi­niň her bi­rin­den 500 sa­ny, ýag­ny je­mi 2,25 mil­liard dä­ne sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. Hä­zi­re çen­li bu ýe­re 6 müň gör­nüş­li eki­niň to­hu­my ge­ti­ri­lip­dir. Dün­ýä­dä­ki äh­li ösüm­li­giň to­hu­my­ny go­rap sak­la­mak üçin gur­lan am­mar­da­ky ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy köp to­hu­myň müň­ler­çe ýyl za­ýa­lan­man sak­lan­ma­gy üçin ka­da­ly tem­pe­ra­tu­ra ha­sap­lan­ýan 18 de­re­je so­wuk­da sak­lan­ýar. Bi­ler­men­ler to­hum­la­ryň gör­nü­şi­ne gö­rä, 55 ýyl (gü­ne­ba­kar) bi­len 10 müň ýyl (no­hut) ara­ly­gyn­da za­ýa­lan­man sak­la­nyp bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu ýer­de kö­ne­len to­hum­lar tä­ze­le­ri bi­len yzy­gi­der­li çal­şy­lyp du­rul­ýar. Äh­li to­hum­lar ýyg­na­lan­dan soň­ra ze­rur bol­ma­dyk ha­la­tyn­da gi­ri­lip-çy­kyl­ma­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Am­ma­ryň içi­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy we çyg­ly­ly­gy Şwe­si­ýa­da­ky bir mer­kez­den do­lan­dy­ryl­ýar. Swal­bard glo­bal to­hum am­ma­ry­nyň po­lat­dan ýa­sa­lan dar ga­py­sy bar. Bu ýer­de tü­wi­niň, bug­da­ýyň we ar­pa­nyň has köp sor­ty bar. Fa­sol, mek­ge­jö­wen, noý­ba, so­ýa, no­hut, ýe­ral­ma, ýer pis­se­si, sü­le, çow­da­ry hem köp gör­nü­şi sak­lan­ýan dä­ne­ler ha­sap­lan­ýar.