Bangladeşde bengal Täze ýyl baýramy bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli ýurduň paýtagty Dakkada dabaralar geçirildi. Milli egin-eşiklerini geýen bangladeşliler toý çärelerine gatnaşdylar. Ýurtda Täze ýyl baýramçylygy 14-nji aprelde bellenilýär. Şeýle hem bu baýramçylyk Hindistanyň käbir welaýatlarynda 15-nji aprelde geçirilýär. Iki ýyldan bäri pandemiýa sebäpli geçirilmedik baýramçylyk bu ýyl adaty usulda geçirildi.