Ýaponiýada bakjadyr miwe önümleriniň ilkinji hasylynyň gymmat bahadan satylmagy indi däbe öwrüldi. Ýurtda ýörite ösdürilip ýetişdirilen 1 kilogram çaý 1,96 million ýene (15,500 dollara barabar) satyldy. Ýurduň Sidzuoka prefekturasynda ösdürilip ýetişdirilen we gaýtadan işlenen çaý ýapraklary auksion arkaly satuwa çykaryldy. Bu çaý reňki, ysy we ýapraklarynyň şekili bilen tapawutlanýar. Auksionda diňe aşa gymmat bahadan satylan çaýdan başga harytlar hem müşderilere hödürlendi.
Mälim bolşy ýaly, ýapon medeniýetinde gök çaýyň aýratyn orny bar. Şol sebäpli çaý ýurtda iň köp sarp edilýän içimlik hasaplanýar. Sidzuoka bolsa çaýyň ýokary hilli hasylynyň alynýan ýeri hasaplanýar.
Güljehre Karaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy