Dünýäniň iň köp energiýa sarp edýän ýurdy bolan Hytaýda mart aýynda tebigy gazyň we kömrüň öndürilişi rekord derejede köpeldi. Ýurduň Statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, geçen aý kömür önümçiligi 15 göterim artyp, 396 million tonna ýetipdir. Tebigy gazyň önümçiligi bolsa, 6,3 göterim artyp, 19,7 milliard kubmetre barabar bolupdyr. Ýurtda nebit önümçiligi 3,9 ýokarlanyp, 17,71 million tonna bolupdyr. Bu görkezijiniň 2015-nji ýylyň aprelinden soňky iň köp mukdardygy mälim edildi. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli polat önümçiligi azalan hem bolsa, alýuminiň öndürilişi artypdyr.