Ýaponiýa her ýylyň bahar paslynda açylýan ülje agaçlary bilen tanalýar. Bu ýurda üljeleriň açylanyny ýörite görmäge barýan daşary ýurtlular hem az däl. Şeýle bolansoň, köp şäherdäki seýilgählerde bu agaçlara duşmak bolýar. Soňky ýyllarda bolsa şeýle bagyň içinde surata düşmek has hem ýoň boldy. Ýurduň Osaka şäherindäki meşhur üljeli ýoda bolsa iki ýyldan soňra gaýtadan açyldy. Geçen ýyllarda pandemiýe sebäpli bu ýoda ýapyk durupdy. Bu ýyl bolsa öňünden ýer belletmek arkaly seýilgähe barmaga rugsat berildi. Şeýle-de bolsa, ol ýeri köp adamly boldy. Şäherdäki bu seýilgähde üljäniň 138 düýbi, jemi 335 agaç bar. Gurlanyna 130 ýyl bolan ýodanyň uzynlygy 560 metr. Bu ýerden geçenler gülgün we açyk gyzyl reňkli gülleriň öňünde surata düşýärler. Ülje gülleri dökülýänçä ýoda 170 müň myhmanyň gelip görmegine garaşylýar. Pandemiýadan ozal bu ýere her möwsümde 600 müň töweregi adam baryp görýärdi. Agaçly ýoda 1883-nji ýylda döredilipdir.
Nurýagdy Abdullaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby