Germaniýanyň “Audi” kompaniýasy “Sphere” atly nusgalyk ulagynyň üçünjisini tanyşdyrdy. “Audi Urbansphere” atly ulag awtonom (özbaşdak) sürüşiň 4-nji derejesine eýe. Adatdakylardan has uly bolan ulag kompaniýanyň iň giň ulagy hasaplanýar. Ulagyň uzynlygy 5,51 metre, ini 2,01 metre we beýikligi 1,78 metre deň. Ulagyň öňündäki we yzyndaky çyralary dürli şekiller bilen üýtgedip bolýar. Şeýle hem ulagyň gapysy açylanda ýerde gyzyl reňkli haly ýazylan ýaly ýagtylyk peýda bolýar. Ulagyň gapysy açylanda münmek aňsat bolar ýaly oturgyç öwrülýär. Ulagyň dolandyryjy rulunyň we pedallarynyň bolmazlygy onuň içiniň has giň bolmagyna şert döredipdir. Şeýlelikde ulagyň içi kiçiräk iş otagyny ýada salýar. Mundan ozal kompaniýa “Skysphere” we “Grandsphere” atly nusgalyk modellerini tanyşdyrypdy. “Audi” bu tehnologiýanyň geljek on ýylyň dowamynda önümçilige taýýar boljakdygyny çaklaýar. Bu ulaglar ýolagçyny gapysyndan alyp, işine düşürýär, soňra bolsa bellenen duralgada boş ýer tapyp durýar. Elektroulaga zarýad bermek hem hökman däl. Sebäbi, ulagyň özi zarýad bekediniň ýanyna baryp, oňa birigip, zarýad alyp bilýär. Ulagyň oturgyçlary islendik tarapa aýlanyp bilýär. Şeýlelikde ýolagçylar bir-birleri bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolup bilýärler. Ulagyň batareýasy bir gezekki zarýad bilen 750 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär.

Bahar Agamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby