«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bedew bady bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu günki ýaşlaryň nurana geljegini kepillendirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen 30 ýyllyk maksatnama türkmen ýaşlaryna bagtly geljegi buşlaýar. Şol bagtly geljegiň binýady bolsa hut şu günlerden tutulýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň türk­men ýaş­la­ry­nyň döw­re­bap de­re­je­de bi­lim­li we hü­när­li bol­ma­gy üçin dö­re­dip be­ren şert­le­ri aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­soň ge­çi­ren il­kin­ji Hö­kü­met mej­li­sin­de mil­li ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­gi, hu­su­san-da, ýo­ka­ry hü­när­li ýaş iş­gär­le­ri – alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni taý­ýar­la­ma­gy, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş ne­sil üçin edil­ýän ala­da­la­ra ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry hem öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň «Daý­han­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky hem ýaş­la­ryň bi­lim al­ma­ga hö­wes­len­me­gi­ni, ola­ryň hü­när­le­ri­niň kä­mil­leş­me­gi­ni na­zar­da tu­tup, öz müş­de­ri­le­ri­ne «Ta­lyp kar­zy» at­ly bank kar­zy­ny hö­dür­le­ýär.
«Ta­lyp kar­zy» ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ryň di­ňe de­giş­li oku­wy­nyň tö­le­gi­ni tö­le­mek üçin nagt däl gör­nü­şin­de be­ril­ýär. Müş­de­ri­ler öz is­le­gi­ne gö­rä, kar­zyň do­ly möç­be­ri­ni ýa-da bö­lek­le­ýin alyp bi­ler­ler.
Kar­zyň bu gör­nü­şin­den peý­da­lan­mak üçin ýüz­tut­ma­la­ry on­laýn gör­nü­şin­de be­rip bi­ler­ler. Mu­nuň üçin ban­kyň www.day­han­bank.gov.tm res­mi saý­ty­na gir­mek we de­giş­li öý­jük­le­ri dol­dur­mak ýe­ter­lik­dir.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, öz iş­le­ri­ni bar­ha döw­re­bap­laş­dyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň «Daý­han­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky öz müş­de­ri­le­ri­ne karz­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýär. Ýe­ňil­lik­li usul­da we uzak möh­let­le­ýin be­ril­ýän karz­lar bo­ýun­ça bank bi­len hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýan müş­de­ri­le­ri­mi­ziň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Bank­da we onuň müş­de­ri­le­rin­de ha­sap­la­şy­gyň nagt däl gör­nü­şi bo­ýun­ça hem baý tej­ri­bä­niň top­la­nan­dy­gy­ny aýt­mak ge­rek. Nagt däl ha­sap­la­şy­gy hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, bank «Keş­bek» hyz­ma­ty yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da goý­lan mak­sat­lar, ýe­til­me­li be­lent sep­git­ler her bi­ri­mi­ziň jo­gap­kär­çi­li­gi­mi­zi art­dyr­ýar. Gel­jek­de hem ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let­li iş­le­re my­na­syp go­şant go­şup zäh­met çek­mek karz eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri üçin be­lent mer­te­be­dir. Iş­le­ri­mi­ze ýa­kyn­dan gol­daw ber­ýän, ola­ryň dün­ýä­niň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi üçin ala­da­lan­ýan hormatly Prezidentimiziň ja­ny­nyň sag, ba­şy­nyň dik bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Al­tyn Dur­dy­ýe­wa,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.