Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.
Soňky ýyllarda ýola goýlan asylly däbe görä, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň maksady dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlar, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şol taryhy günden başlap, türkmen telekeçileri bir supranyň başyna jemlenip, agzybirlikde iş alyp barýarlar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Kanunlaryň kabul edilmegi gowy netijeleri berdi. Birleşmäniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak meýdanda döredilen Senagat zolagynda häzirki wagtda döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda iş alnyp barylýar.
Azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys» diýip belledi.
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär.
Türkmen telekeçileri ýurdumyzyň ähli künjeginde medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik kärhanalaryny gurmak bilen birlikde, oba hojalyk, maldarçylyk, guşçulyk, gurluşyk önümlerini öndürmäge ýöriteleşen kärhanalary gurmakda, hyzmat ediş we senagat önümçiligini kämilleşdirmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Golaýda Mary etrabynda täze açylan tehniki uglerod öndürýän zawod hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Zawodyň dolandyryş ulgamynda ABŞ-nyň «AtlaCopka» kompaniýasynyň, Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Kärhanada ISO 9001 we daşky gurşawa zyýansyzlygy barada ISO 14001 talaplaryna laýyk önümçilik ýola goýuldy. Tehniki uglerod iň gadymy himiki önümleriň biri bolup, adaty durmuşda giňden ulanylýar. Ol, esasan, rezin, plastmassa önümçiliginde, nanotehnologiýaly grafitlerde, neşirýat önümçiliginde hem-de elektrogeçirijileri ultramelewşe şöhlelerden goramak üçin daşky örtük hökmünde giňden peýdalanylýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hoş habarlara, buýsançly wakalara beslenip geldi. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli guralan foruma gatnaşmagy hem-de TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekmegi taryhy ähmiýete eýe boldy. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara häzirki döwrüň talabyna laýyk döwrebap bilimler, telekeçiligiň hukuk esaslary, şol sanda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, kodeksleri, maksatnamalar, işewürligiň esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.
Ýazgül GURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.