20-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da­ky «Oguz­kent» myh­man­ha­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XII mej­li­si ge­çi­ril­di.

Däp bol­şy ýa­ly, her ýyl Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­ýän bu fo­rum aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni kö­pelt­mek bi­len iş sa­lyş­ýan dün­ýä döw­let­le­ri­niň at­şy­nas­la­ry üçin ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň açyk meý­dan­ça­sy bo­lup, türk­men hal­ky­nyň ba­ha­syz gym­mat­ly­gy hem-de buý­san­jy ha­sap­lan­ýan be­hiş­di be­dew­le­riň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Fo­ru­ma pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry, at­şy­nas­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XII mej­li­si­ni açyp, bu fo­ru­myň Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem­me­le­ri şan­ly wa­ka hem-de aja­ýyp baý­ram­çy­lyk bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Biz mil­li baý­ly­gy­myz we hal­ky­my­zyň göz gu­wan­jy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­ny äh­li hal­ky­myz hem-de dün­ýä­dä­ki ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň jan­kö­ýer­le­ri bi­len bi­le­lik­de bel­läp geç­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň dö­re­di­le­ni­ne şu ýyl on iki ýyl dol­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ýur­du­myz­dan we dün­ýä­niň 30-dan gow­rak döw­le­tin­den 188 ag­za­sy bar. Şo­la­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň we ola­ryň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XI mej­li­sin­de as­so­sia­si­ýa­nyň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Onuň işi­ni mun­dan beý­läk-de ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­mak mak­sa­dy bi­len, «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de:
ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň mer­kez­leş­di­ri­len to­hum­çy­lyk ha­sa­ba­ty­ny ýö­ret­me­li;
da­şa­ry ýurt­la­ryň at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­la­ry bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňelt­me­li;
dün­ýä­de aras­sa gan­ly ahal­te­ke at­la­ry­nyň baş sa­ny­ny art­dyr­mak we bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan seç­gi-to­hum­çy­lyk iş­le­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­li;
ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän yl­my mas­la­hat­la­ry, du­şu­şyk­la­ry, me­de­ni çä­re­le­ri, be­dew bäs­le­şik­le­ri­ni, ser­gi­le­ri we auk­si­on­la­ry gu­ra­ma­ly hem-de ola­ra gat­naş­ma­ly;
ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň tä­ze to­hum­çy­lyk ne­sil ugur­la­ry­ny dö­ret­me­li;
ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da hal­ka­ra de­re­je­dä­ki at­ly sport bäs­le­şik­le­ri­ni gu­ra­ma­ly we ola­ra gat­naş­ma­ly;
dün­ýä­niň aras­sa gan­ly ahal­te­ke at­la­ry­nyň hal­ka­ra «to­hum­çy­lyk ki­ta­by­ny» dö­ret­me­li;
dün­ýä bel­li «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da çy­kyş­la­ry­ny gu­ra­ma­ly;
ahal­te­ke at­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny wa­gyz et­mek üçin ki­tap­la­ry taý­ýar­la­ma­ly hem-de san­ly ul­gam ar­ka­ly ma­ha­bat çä­re­le­ri­ni ge­çir­me­li;
as­so­sia­si­ýa­nyň ag­za­la­ry­nyň ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek­de we giň­den wa­gyz et­mek­de alyp bar­ýan iş­le­ri­ni hö­wes­len­dir­me­li.
Bu iş­ler Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de gu­ra­mak üçin esa­sy ýö­rel­ge bol­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze be­lent sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy­ny, ola­ryň hor­ma­ty­na ýa­dy­gär­lik top­lum­la­ry­nyň we en­çe­me bi­na­la­ryň gur­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­myn­da açyk ma­než, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gin­de tä­ze Aba An­na­ýew oba­sy, paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi ulan­ma­ga be­ril­di. At­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da 600 baş ahal­te­ke aty­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen döw­re­bap at­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Şu ýyl Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ýet­gin­jek­le­riň, uly ýaş­ly hem-de ha­ly­pa ça­pyk­su­war­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da baý­ram­çy­lyk at ça­py­şyk­la­ry ge­çi­ri­ler. Şu mak­sat bi­len, Bal­kan at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň dur­ky tä­ze­le­nil­di.
Soň­ra mej­li­se san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­ýan Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­sy, ka­na­da­ly hu­su­sy at­şy­nas, «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» Ti­to Pon­te­kor­wa söz be­ril­di. Ol dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hormatly Prezident Ser­dar Berdimuhamedowy iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly ösüş ýo­lu­ny do­wam et­dir­jek­di­gi­ne we ösü­şiň tä­ze sep­git­le­ri­ne ýet­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Sö­zü­niň ahy­ryn­da je­nap Ti­to Pon­te­kor­wo hormatly Prezident Ser­dar Berdimuhamedowy Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li gut­la­dy hem-de berk jan sag­lyk we äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­sy, «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy», Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň «Jeý­kob Fer­de­zuçt GBR» at­çy­lyk fir­ma­sy­nyň di­rek­to­ry Ka­te­ri­na-Ire­na Ýa­kob çy­kyş et­di. GFR-iň we­ki­li hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­ny aý­dyp, döw­let Baştu­tanynyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­duň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ne ýar­dam ber­jek giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň at­şy­nas­la­ry­na hem-de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň da­şa­ry ýurt­ly ag­za­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak ha­kyn­da Per­man­la­ra gol çek­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan hem-de şu mej­li­se san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­ýan Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­na söz be­ril­di.
Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ak­hal-te­ke Af­fi­ni­ty Co.LTD» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry Mi­çi­ko Aoe çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da hormatly Serdar Berdimuhamedowy Prezident saý­law­la­ryn­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi bi­len gut­la­dy. Ha­nym Mi­çi­ko Aoe «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly adyň ber­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, ze­rur ta­gal­la­la­ry gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.
Soň­ra Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Uz­be­gim» ahal­te­ke at­çy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň baş­ly­gy Awaz Is­moi­low çy­kyş et­di. Ol müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň adyn­dan we hut öz adyn­dan döwlet Baştutanyny 2022-nji ýy­lyň 12-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ryn­da ga­za­nan ynam­ly ýeň­şi bi­len gut­la­dy. Öz­be­gis­tan­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne we ola­ryň ga­dy­my ge­lip çy­ky­şy­na örän ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär di­ýip, Awaz Is­moi­low aýt­dy we hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bu aja­ýyp be­dew­le­ri kö­pelt­mek­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly as­so­sia­si­ýa­nyň işi­niň öňe git­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­niň bel­leý­şi ýa­ly, en­çe­me kär­deş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, özü­niň-de «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly at bi­len sy­lag­lan­ma­gy onuň öm­rün­de ýat­dan çyk­ma­jak şat­lyk­ly we buý­sanç­ly wa­ka bol­dy. «Uz­be­gim» ahal­te­ke at­çy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň baş­ly­gy bil­di­ri­len hor­mat üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­ny Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li mä­hir­li gut­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mej­li­si do­wam edip, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­na türk­men we da­şa­ry ýurt­ly tä­ze ag­za­la­ry ka­bul et­mek ba­ra­da­ky çöz­güt­le­ri tas­syk­la­mak ha­kyn­da Ka­rar­la­ra gol çek­di. Soň­ra as­so­sia­si­ýa­nyň tä­ze ag­za­la­ry­na – fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­ýan Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň we­kil­le­ri­ne söz be­ril­di.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet we sport mi­nistr­li­gi­niň Sport we be­den­ter­bi­ýe iş­le­ri ko­mi­te­ti­niň «Mil­li at­ly sport gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň» di­rek­to­ry Aman­žol Ha­se­now hormatly Serdar Berdimuhamedowa ýüz­le­nip, özü­niň Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edi­len­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ry uly şat­lyk bi­len ka­bul eden­di­gi­ni nyg­ta­dy. Goň­şy ýur­duň we­ki­li Ga­za­gys­tan­da at­çy­lyk bi­len en­çe­me ýyl­dan bä­ri gy­zyk­la­nyp gel­ýän­di­gi­ni bel­läp, as­so­sia­si­ýa­nyň ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de bu ab­raý­ly eda­ra­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de öz go­şan­dy­ny goş­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy.
Soň­ra Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Hy­taý at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň Ahal­te­ke at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, «Dat­sin Hiyou» at­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy – baş­ly­gy Liu Şut­sin çy­kyş et­di. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li hormatly Prezidenti mü­bä­rek­läp, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­na ag­za bol­ma­ga ýüz­tut­ma­sy­nyň ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hy­taý­da be­hiş­di ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma has-da art­ýar di­ýip, je­nap Liu Şut­sin aýt­dy hem-de at­şy­nas­la­ryň ahal­te­ke at­la­ry­nyň aras­sa gan­ly­ly­gy­nyň saklanylmagy, sa­ny­nyň kö­pel­dil­me­gi­ we meş­hur­ly­gy­nyň art­dyryl­magy üçin ba­şar­nyk­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy. Ol en­çe­me ýy­lyň do­wa­myn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na we kö­pel­dil­me­gi­ne yg­rar­ly­lyk gör­ke­zil­ýän­di­gi­ni bel­läp, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne go­şan­dy­ny goş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de çy­kyş eden da­şa­ry ýurt­ly ag­za­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan­la­ry hem-de as­so­sia­si­ýa­nyň ag­za­ly­gy­na tä­ze ka­bul edi­len­le­ri bu şan­ly wa­ka­lar bi­len gut­la­dy we ola­ra iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek ýy­lyň ap­rel aýyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky XIII mej­li­si­ni ge­çir­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň XII mej­li­si­ni jem­läp, hem­me­le­ri «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da fo­ru­myň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi hem-de Di­ýa­ry­myz­da da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.