Braziliýada ýaşaýan Walter Ortmann atly bir adam 84 ýyllap şol bir iş ýerinde işläp, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Tegelek asyr ýaşan Ortmann häzirki ady “RenauxView” atly mata fabriginde işe başlapdyr. Soňky ýyllarda önümçilik kärhanasynyň marketing boýunça direktory wezipesinde işläpdir. Ol uzak ýaşamagyň syrlaryny hem aýtdy. Ortmannyň pikiriçe duzly we şekerli iýmitleri iýmeli däl. Ol gazly içgileri hem içmeýändigini belleýär. Ol diňe saglygyňa ýaramly naharlary iýýändigini aýdýar.

100 ýaşyndaky Ortman uzak ýaşamak üçin halaýan işiňizi etmegi, taýýar iýmitleri iýmekden saklanmagy maslahat berýär. Ol hemmäniň işlemegi halamalydygyny aýdyp, işlemek üçin işlemeli däldigine ünsi çekýär.

Ogulbibi Ýedadowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby