23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy.

Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil” diýen ugra bagyşlanyp, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryňdyr sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemledi.

Üçünji Suw sammitinde kabul edilip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen Ýapon Jarnamasynyň tekliplerini durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de suw serişdeleri bilen baglanyşykly dürli meseleler forumyň gün tertibine girizildi.

Suw meselesi ähmiýeti babatda sebit, milli we dünýä derejelerinde köp sanly resminamalara hem-de ösüş strategiýalaryna girizilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerini belläp geçmek zerur. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamakda başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesine eýerýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite gatnaşmaga çagyrylmagy suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler bilen gönüden-göni bagly bolan wezipeleri çözmekde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýan Türkmenistanyň belent abraýyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejelerinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, “Rio+20” sammitinde, beýleki möhüm forumlarda, şol sanda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda anyk başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Şunda türkmen tarapy Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň milli, sebit we ählumumy gurallaryny utgaşdyrmagyň hem-de olaryň biri-biriniň üstüni ýetirmegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekýär, bu babatda suw we ekologiýa meseleleri ilkinji derejeli ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär.

Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde sammitiň guramaçylary hem-de ony kabul edýän ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Soňra ýokary wezipeli myhmanlaryň çykyşlaryna orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrine we sebitiň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, ilki bilen, sammite çagyrandygy we onuň üstünlikli geçmegi babatda döredilen şertler üçin Onuň Alyhezreti, Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Fumio Kisidä, ýurduň Hökümetine hem-de Aziýa — Ýuwaş umman Suw forumynyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişlilikde, sebitiň döwletleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Bu döwletleriň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak hem-de peýdalanmak meselesine çemeleşmeleri umumy halkara durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde görülýär. Milli, sebit derejesinde durmuş-ykdysady taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyrylanda, bähbitleriň köptaraplaýyn hasaba alynmagyna, oýlanyşykly deňeçerlige we zelelleri azaltmaga esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda bilelikdäki işiň esasy şertiniň suw serişdelerine deň hem-de adalatly elýeterlilik ýörelgesine gürrüňsiz eýerilmelidigine, onuň adamyň esasy hukuklary hökmünde ykrar edilmegi bolup galmalydygyna ynam bildirdi hem-de hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmeginiň we munuň üçin jogapkärçiligiň ähli döwletler üçin borja öwrülmelidigini aýtdy. Bu häzirki şertlerde aýratyn möhümdir. Sebäbi koronawirus pandemiýasy dünýä ykdysadyýetine düýpli zelel ýetirdi, ählumumy azyk howpsuzlygyna zyýan berip, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge ýaramaz täsir etdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, biziň ýurdumyzyň suw meselesi boýunça dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Bu resminamalar BMG-niň 2012-nji ýyldaky «Rio+20» maslahatynda, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda ýokary derejede guralan Duşenbe halkara maslahatynda we beýleki möhüm forumlarda kabul edildi.

Olara Türkmenistanyň hödürlän başlangyçlary örän anyk häsiýete eýedir hem-de adamlaryň hakyky islegleri, sebiti ösdürmegiň we hyzmatdaşlyk etmegiň maksatlary bilen baglydyr. Şolaryň hatarynda Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini guramanyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky teklibi; Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasyny; Aral sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek hakynda başlangyjy; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy gorap saklamak boýunça Hereketleriň sebitleýin meýilnamasyny hem-de ençeme beýleki çäreleri görkezmek bolar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy suw meselesinde Merkezi Aziýa üçin halkara meýilnamalary amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biziň bu ugurdaky garaýşymyz düýpli we yzygiderlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistan suw-energetika meseleleri, birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir diýip hasap etdi we hasap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de bu ýörelgeleriň umumy häsiýete eýedigine, halkara bileleşigiň suw meselesine çemeleşmelerinde ulanarlyklydygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, Türkmenistanyň milli derejedäki tagallalaryna ünsi çekdi. Gürrüň, hususan-da, Türkmenistanyň 2014-nji ýylda kabul edilen Suw hakynda kodeksi barada barýar. Bu kodeks suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, gorap saklamagyň, öwezini dolmagyň, olary hapalanmakdan, zaýalanmakdan we azalmakdan goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan has netijeli kadalaryny işläp taýýarlamak hem-de ulanmak üçin esasy toplumlaýyn maksatnama bolup durýar.

Garagum sährasynda özboluşly “Altyn asyr” emeli kölüniň döredilmegi iri taslamalaryň hatarynda durýar. Bu emeli suw howdanynyň, çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanda hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletli ekologik abadançylygy üpjün etmegiň üstünde netijeli işlemäge şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular ýaly giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirip, biz suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk milli derejede iş alyp barmagyň degişli kadalaryna berk esaslanmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýarys diýip aýtdy. Munuň özi biri-biriniň üstüni ýetirýän, özara aýrylmaz baglanyşykly ýagdaýlardyr. Şu meselede biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen has ysnyşykly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, toplanan tejribäni giňden alyşmaga we peýdalanmaga bil baglaýarys.

Türkmenistan bu sammitiň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri doly goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de onuň jemleri boýunça kabul ediljek Jarnamanyň mundan beýläk-de maksada gönükdirilen, anyk halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas boljakdygyna, häzirki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, uzak möhletli ugurlary kesgitlemäge şert döretjekdigine, bu ugurda sebit hem-de ählumumy ösüş meýilnamalary bilen suwdan peýdalanmagyň milli maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça innowasion nusgalary we dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işlemegi arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.